Ýakynda, «Türkmensenet» hojalyk jemgyýeti sintetik materialyň täze nesli bolan spanbondyň öndürilişini artdyrdy. Akbugdaý etrabynyň senagat zolagynda gurlan zawod, eýýäm birnäçe wagtdan bäri üýtgeşik gurluşly bu matanyň üç müň tonnasyndan köprägini öndürdi. Çig mal hökmünde Gyýanlynyň polimer zawodynda çykarylýan polipropilen hyzmat edýär. Zawodda çig maldan dürli dykyzlykly we reňkli matalar alynýar.
Bu ýerde öndürilýän mata, gymmatbahaly dokma önüminiň ornuny aňryýany bilen tutýar. Ýeri gelende belläp geçsek öndürilen matalar berkligi, epime çydamlylygy, sürtülmä çydamlylygy, howa geçirme ukyby bilen aýratyn tapawutlanýar.
«Türkmensenet» hojalyk jemgyýeti “Gurtly” ýaşaýyş jaý toplumynda kärhanada işe girizilen tikin sehiniň önümlerini satýan dokama däl matadan öndürilen harytlaryň firma dükanyny açdy. Kärhanada aşlyklar, hojalyk torbalary, supralyklar, öňlükler, aýal we çaga gigienasynyň serişdeleri öndürilýär. Mundan başga-da kärhanada harytlary gaplamak üçin ulanylýan ekologik pakediň aýda 300 müňe golaýy öndürilýär.
Azada NURMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler