Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Açyk gapylar güni mynasybetli, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary, şeýle hem Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda döredijilik çäresi guraldy.
Talyplar we okuwçylar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn fond muzeýine aýlandylar. Bu ýerde olar sungat ojagynyň zehinli talyplaryň döreden nakgaşçylyk, dizaýn, grafika, binagärlik, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam ýaly ajaýyp sungat eserleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem okuwçylardyr talyplar muzeý gezelenjinden soňra çeperçilik akademiýasynda okadylýan hünärler gyzyklandylar. Ýeri gelende aýtsak, olar ýokary okuw jaýynyň “Nakgaşçylyk”, “Dizaýn”, “Binagärlik”, “Grafika”, “Heýkeltaraşlyk”, “Amaly-haşam sungaty”, “Sungaty öwreniş” kafedralarynda, okaýan talyplaryň okuw, döredijilik iş pursatlarynda bolmaklary, olara sungata bolan garaýyşlaryny ösdürmäge mümkinçilik döretdi.
Biz hem ýaşlarymyzyň sungatda saýlap alan hünärleri boýunça bilim alyp, geljekde Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşar diýip umyt edýäris. Goý, ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli ussat hünärmenler bolup ýetişmegi üçin uly aladalary edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ili abat bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Döwrangeldi Moýtyýew,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy





Teswirler