Bäsleşigiň jemi jemlenýär

“Ýaş alymlar – telekommunikasiýa ulgamynda” bäsleşigiň jemi 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 27-28-ne jemlenýär.

Ýurdumyzyň telekomunikasiýa ulgamyny ösdürmek we ilatymyzyň intern hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin dürli mümkinçlikleri açmak maksady bilen 14-30 ýaş aralygynda 2019-njy ýylyň aprel aýynda yglan edilen “Ýaş alymlar – telekommunikasiýa ulgamynda” atly bäsleşigiň 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 27-28-ne jeminiň jemlenýändigini habar berýäris.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda taslamalar (oýlap tapyşlar_ üçin internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyryljak web hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň, dürli kompýuterleriň we ykjam aragatnaşyk enjamlarynda ulanyljak programma üpjünçiliginiň taýýarlanylmagy hökmändyr. Döredilen (düzülen) oýlap tapyşlarda taslamanyň wajyplygy, önümçilige ornaşdyrylmagynyň mümkinçiligi, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň işini ösdürmekde inndowasiýa usullarynyň peýdalanyşyny, ykdysady taýdan peýdalylygy, durmuşda ulanmak ýeňilligi we dizaýn taýdan bezelmegi göz öňünde tutulmagy bellenendir.

Ýeňijiler bäsleşigi guraýjylar tarapyndan uly möçberde pul baýraklary hem-de Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Doly maglumaty www.yashlar.gov.tm internet saýtyndan öwrenip bilersiňiz.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar Merkezi

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok