Ýaşlar guramasynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmegine  şu ýylyň 16-njy noýabrynda 29 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň uly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, ýokary okuw jaýlary bilen bilelikde gurnamagynda “Arkadagyň ak ýolundan öňe barýar bagtly ýaşlar” ady bilen birnäçe edara kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde, orta okuw mekdeplerinde, birnäçe ministrlikler we pudaklaýyn edara kärhanalardan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi uly şatlyk-şowhun bilen dabaraly geçirildi.

Çykyş edenleriň arasynda Aşgabat şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güljeren Mämmedowa özüniň Türkmenistanyň çäklerinde, halkara sebitde gazanan döredijilik üstünlikleri barada gürrüň berdi, sözüniň ahyrynda 3 dilde gutlag aýdymyny ýerine ýetirdi.

Konsert beýleki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-saz bilen bezeldi.

Gurama barada

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi. Şol günden bäri Türkmenistanyň “Ýaşlar syýasatyny” durmuşa geçirmek maksady bilen köpugurly işler alnyp barylýar. Dürli ýaşlardaky we pudaklardaky ýaşlary üns merkezinde saklaýan duşuşyklar, bäsleşikler, okuw-türgenleşikleri gurnalýar. Häzirki wagtda 4973 sany ilkinji gurama, 909765 sany agza hasaba alyndy.

TMÝG-nyň Merkezi Geňeşi 2016-njy ýylda www.yashlar.gov.tm elektron saýtyny ýola goýdy. Bu saýtda guramanyň alyp barýan işleri, bäsleşikleri, bildirişleri, makalalary bilen tanyşyp bolýar.

Baýramgül Baýramdurdyýewa
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guaramsynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni

Şeýle-de okaň:
Guramanyň täze başlygynyň öňünde täze wezipeler goýuldy
“Altyn nesil” atly çagalar guramasy dörediler
Aşgabatly ýaş senetkärler bäsleşdi
Sergide ýeňiji bolan ýaşlar sylaglandy
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler
Her ýyl GDA ýurtlarynyň arasyndan “Ýaşlar paýtagty” saýlanylar
ÝAŞLARYŇ ARASYNDA YLMY IŞLER BOÝUNÇA GEÇIRILEN BÄSLEŞIGIŇ JEMLERI
“Bagtyýarlyk” göçme kubogynyň saýlama tapgyry tamamlandy
Aşgabatly ýaş senetkärler bäsleşdi
El işleriniň sergisi geçirildi
Sagdyn durmuş ýörelgeleri wagyz edilýär

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok