“Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda” bäsleşiginiň sylaglandyryş dabarasy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň şeýle-de “InAshgabat” onlaýn portalynyň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli döredijillik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň kiçi mejlisler zalynda geçirilen sylaglandyryş dabarasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiriniň açylyş sözleri bilen başlady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok