Tomus dynç alyş möwsüminde Döwlet gurjak teatrynyň agzybir işgärleri körpelere şatlyk paýlamaga dowam edýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda TSTB-nyň mejlisler merkezinde bu binadaky kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň çagalary üçin gurjakly sahna oýunlary goýuldy.
Sahnada pişik bilen güjüjegiň arasyndaky wakany gülküli, aýdym-sazly oýunlary interaktiw görnüşde geçirildi. Ýagny, gurjak gahrymanlar tomaşa edýän çagalar bilen dialog gurup, şonuň esasynda wakany akyşyny sazladylar.
Yzýanyndan bolsa ýaş ökde sazanda Meýlis Hydyrow skripkada dürli medeniýetleriň sazlaryny çaldy. Çagalar sazyň şowhunyna goşulyp tans etdiler.
Çagalar sagaldyş merkezlerinde, hassanalarda saglygyny dikeldýän, lagerlerde dynç alýan, tomusky möhletli okuw merkezlerinde bilim alýan çagalar üçin hem ýerinde çalt düzüp sökülýän sahna guralýar.
Teswirler