Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy şahamçasy mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika bäsleşigini geçirdi

2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde orta mekdepleriň 9-njy, 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika dersinden bilim bäsleşigi geçirildi. «Okuw-bilimiň çeşmesi, bilim ömrüň beýikligi» ady bilen guralan bäsleşik ýaşlaryň matematika bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, zehinli okuwçylary ýüze çykarmaga we olaryň bilimlerini kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Bäsleşigi Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy şahamçasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher geňeşi hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher bilim bölümi bilelikde gurady. Bu bäsleşik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak we olaryň zehinini ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň çäginde geçirildi.

Matematika dersinden geçirilen bäsleşik okuwçylara öz bilimlerini we başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik berdi. Şeýle çäreler ýaşlaryň logiki pikirlenişini ösdürmekde, çylşyrymly meseleleriň çözgüdini tapmak ukybyny kämilleşdirmekde hem-de olary geljekde dürli derejedäki bilim bäsleşiklerine gatnaşmaga höweslendirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylaryň atlary mälim edildi. Birinji orna 10-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Hasan Tagyýew eýe boldy.

Ikinji orun iki okuwça – 14-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Arslan Bekmyradowa we 9-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ýüsüp Amangeldiýewe berildi.

Üçünji orna bolsa 11-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Emir Annamämmedow, 10-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Selim Seýidow hem-de şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Hüseýin Tagyýew mynasyp boldy.

Ýaşlaryň arasynda bilim bäsleşikleriniň geçirilmegi okuwçylaryň öz üstünde yzygiderli işlemegine, bilimini çuňlaşdyrmagyna we täze üstünliklere ymtylmagyna itergi berýär. Matematika ýaly takyk ylymlara bolan gyzyklanmanyň artmagy bolsa olaryň geljekde ýokary okuw mekdeplerinde bilimini dowam etdirmeklerine we saýlap alan hünärlerinde üstünlik gazanmaklaryna esas döredýär.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen bu bäsleşik okuwçylaryň bilimini synagdan geçirmek bilen birlikde, olaryň zehinini açyp görkezmäge we täze sepgitlere ýetmäge bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň biri boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok