Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen «IWISE Global Final London 2026» halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, 6 altyn we 4 kümüş medal gazandylar. 2–7-nji awgust aralygynda geçirilen giň gerimli intellektual bäsleşige dünýäniň 25 döwletinden okuwçylar gatnaşdy.
Halkara bäsleşiginde ýurdumyzyň adyndan dürli şäherleriň mekdeplerinden saýlanan 10 okuwçy çykyş etdi. Türkmen toparyna Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Goçmyrat Baýramow ýolbaşçylyk etdiler.
Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar robotika boýunça birnäçe esasy ugurda öz bilimlerini we amaly başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar. Türkmen ýaşlary çyzygy yzarlaýan robot (Line Follower Robot), labirintden çykalga tapýan robot (Maze Solving Robot) we kiçi göreşiji robot (Mini-Sumo Robot) ugurlary boýunça bäsleşip, ýokary netijeleri görkezmegi başardylar.
Ýaryşyň ähli tapgyrlarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň topary jemi 10 baýrak – 6 altyn we 4 kümüş medal gazandy. Bu görkeziji türkmen okuwçylarynyň robotika we häzirki zaman tehnologiýalary ugurlarynda taýýarlygynyň halkara derejesinde hem bäsdeşlige ukyplydygyny görkezdi.
Altyn medallara Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary Resulberdi Orazberdiýew, Salyh Kakalyýew we Resul Geldiýew, Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Selim Begmuradow, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy Nurmyrat Kulow, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Mälikmyrat Annamuradow mynasyp boldular.
Kümüş medallary Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy Salyh Altyýew, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy Rozymyrat Ýagşymyradow, Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ebubekir Berdiýew we ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Umyt Atamyradow gazandylar.
Türkmen toparynyň bäş agzasynyň aýratyn tapawutlanyp, «Best of the best» («Iň gowularyň gowusy») diýen hormatly ada mynasyp bolmagy hem aýratyn bellärliklidir. Olara bu üstünlikleri üçin ýörite pul baýraklary hem gowşuryldy.
London şäherinde geçirilen halkara bäsleşik türkmen okuwçylaryna diňe bir öz bilimlerini we tehniki başarnyklaryny görkezmäge däl, eýsem dürli ýurtlardan gelen ýaşlar bilen halkara derejesinde tejribe alyşmaga hem mümkinçilik berdi. Robotika ýaly çalt ösýän ugurlardaky ýaryşlar okuwçylaryň tehniki pikirlenmesini, döredijiligini we meseleleri çözmek başarnygyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanyň okuwçylarynyň bu halkara derejesindäki netijesi Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän bilim gurşawynyň we ýaş zehinlere berilýän toplumlaýyn goldawyň netijeliliginiň görkezijileriniň biri hökmünde çykyş edýär. Şol bir wagtyň özünde, halkara bäsleşiklerde gazanylýan şeýle üstünlikler okuwçylaryň sanly tehnologiýalara, robotika we innowasion çözgütlere bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezýär.
Çeşme: TDH
Teswirler