«Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär

Umumy düzgünler

Şu Düzgünnama “Ýaş inžener 2026” atly bäsleşigiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan gurnalýar.

Bäsleşik “Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary”, “Robototehnika” “Erjeller kodlaýar” we “BattleBots” atly, dört görnüş boýunça gatnaşyjylar özara bäsleşerler.

Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar, adam gatnaşyklary, birek-birek bilen ýardamlaşma, sypaýyçylyk ýaly türkmeniň milli gylyk-häsiýetlerinden we ýörelgelerinden ugur alýarlar.

Bäsleşik 25-nji aprelda, şenbe güni, Türkmenistanyň Telekeçiler partiýasynyň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň binasynda geçiriler. (G.Kulyýew 38)

Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okaýan mekdep okuwçylary we “BattleBots” görnüşinde bolsa islendik raýat gatnaşyp biler.

Okuwçylaryň bäsleşige gatnaşmak üçin, gelmek-gitmek, naharlanmak, galmak ýaly meseleleri, gatnaşyjylaryň özlerine degişlidir.

“Ýaş inžener 2026” atly bäsleşigine gatnaşyjylary bahalandyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň wekillerinden ybarat bolan eminler topary döredilýär.

Bäsleşigiň çäginde gatnaşyjylar we myhmanlar bellenilen eminler toparynyň görkezmeleri boýunça hereket etmelidir.

Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşige gelende, bäsleşik tarapyndan berlen lybaslary, bäsleşik tamamlanýança geýmäge borçlydyr.

Bir bäsleşige gatnaşýan okuwça ikinji bäsleşige gatnaşmaga rugsat berilmeýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar 15.04.2026ý senesine çenli (https://forms.gle/RYgZ6GjxaXGizsci6) gysga salgynyň, ýada aşakda görkezilen QR salgysynyň kömegi bilen bäsleşige öňünden ýazylmalydyr.

Bäsleşik bilen baglanyşykly video ýazgy we topjagazlaryň agramy, ululygy ýaly maglumatlary: (https://forms.gle/RYgZ6GjxaXGizsci6) adresinden görüp bilersiňiz. (1,2,3,4,5-nji suratlar)

Has giňişleýin maglumat üçin şu ýere basyň.

Комментарии

Нет комментариев