Häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi döwletleriň durnukly ösüşini üpjün edýän möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň alyp barýan diplomatik strategiýasy parahatçylyk, ynanyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanmak bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi bolsa daşary syýasatyň esasy binýady hökmünde çykyş edip, halkara gatnaşyklarda deňagramlylygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň diplomatik strategiýasy köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurdumyz dünýäniň dürli döwletleri we halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, eýsem köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde hem möhüm netijeleri berýär. Hususan-da, energetika, ulag-logistika we ekologiýa ýaly ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk halkara derejesinde ýokary baha mynasyp bolýar.
Şeýle hem ykdysady diplomatiýa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Maýa goýumlary çekmek, täze taslamalary durmuşa geçirmek we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bu ugurda geçirilýän halkara forumlar we işewür duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar.
Diplomatik strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde halkara ynanyşygynyň ähmiýeti aýratyn ulydyr. Türkmenistan parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barmak bilen, sebitde we dünýäde durnuklylygy berkitmäge işjeň gatnaşýar. Şeýle çemeleşme ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyna we täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň açylmagyna şert döredýär.
Humaý HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler