«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» we «Mitsubishi Corporation» hem-de Türkiýäniň «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi» kompaniýalarynyň arasynda Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän zawodynyň taslamasyny taýýarlamak, enjamlar bilen üpjün etmek we doly gurup, ulanmaga tabşyrmak boýunça Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly döwletiň işewürleriniň gatnaşmagyndaky duşuşykda çykyş edip, häzirki wagtda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard ABŞ dollaryndan geçýän 44 maýa goýum taslamasynyň hasaba alnandygyny aýtdy. Mundan başga-da, umumy bahasy 256 million ýewro we takmynan 190 milliard ýene deň bolan taslamalaryň hem durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzda uzak möhletleýin üstünlikli alyp barýan işleri üçin ýokary baha berip, olaryň telekeçilerine minnetdarlyk bildirdi.
Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň çäginde birnäçe iri senagat desgasy ulanmaga berildi. Olaryň arasynda Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumy, Gyýanlydaky polimer zawody, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod hem-de Çärjew etrabynda gurlan gaz turbinaly elektrik stansiýasy bar.
Türkmenistan dürli ugurlarda, aýratyn hem dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän iri senagat kärhanalarynyň gurluşygy babatda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr. Ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan syýasat, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we iň gowy halkara tejribesiniň ulanylmagyna esaslanmak bilen, uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga giň ýol açýar.
Jahan GARRYGULOWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler