«Galkynyş» käninden täze gaz akymy alyndy

Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň giň gerimliligi, aýratyn-da tebigy gaz gorlarynyň mukdary bilen baglanyşykly üstünlikleri halkara derejesinde uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energetika ulgamynda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy hökmünde “Galkynyş” gaz käninde alnyp barlan buraw işleriniň netijeliligini görkezmek bolar.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy desgalarynyň biri bolan “Galkynyş” känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda buraw işleri üstünlikli tamamlandy. Ýerasty 4452 metr çuňlukdaky bu guýudan tebigy gazyň täze akymy alyndy. Gaz gatlaklarynyň 4412 — 4136 metr aralygyndan çykýan bu täze akymyň bir gije-gündizde 2 million kub metre barabar bolmagy ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri hasaplanýan “Galkynyş” käniniň strategik ähmiýeti diňe bir içerki bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň hem möhüm bölegine öwrülýär. Türkmenistanda energetika ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde gaz çykarmak, saklamak we eksport etmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Täze guýudan gaz çykarmagyň üstünlikli başlanylmagy hem bu ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Gaz känindäki ösüşleriň halkara derejesindäki täsiri hem aýratyn ähmiýete eýedir. “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň ýokary öndürijiligi halkara önüm öndürijileriniň we iri maýadarlaryň ünsüni özüne çekýär. Şeýle hem, energiýa serişdelerine bolan islegiň artýan döwründe, bu kän dünýäniň gaz sarp ediji döwletleriniň çuňňur gyzyklanmasyna sebäp bolýar.

Türkmenistanyň energetika syýasaty döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda durnukly ösüşe, energetika howpsuzlygyna we halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Şonuň üçin hem täze guýudan alnan tebigy gaz akymy diňe bir önümçilik taýdan däl, eýsem strategik taýdan hem möhüm ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň dünýä energetika kartasynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Mekan BEGENJOW,

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok