Şu gün, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda – Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak maksady bilen ýurdumyzyň we dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn usulynda “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV Açyk halkara Internet olimpiadasy badalga aldy.
Halkara açyk internet olimpiadasy, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedowyň gutlag sözi bilen açyldy.
Suratda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedow
Geçirilýän olimpiada daşary ýurtlaryň şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary emin agza hökmünde gatnaşýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu olimpiadanyň esasy maksady, talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, ylmy sygymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek, tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmek şeýle hem ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek we gatnaşýanlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek bolup durýar.
Amanmyrat ARAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň ylym bölüminiň başlygy.
Teswirler