Aşgabatda 29-30-nji aprelde «Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyklyk gelýän hil kepilligi» atly Halkara maslahat geçiriler.
Maslahat halkara ülňüleri berjaý etmek, önümleriň we hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, sertifikasiýa dolandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly meselelere bagyşlanýar.
Çärä gatnaşyjylar öz gazananlaryny görkezmek, mümkin bolan müşderileriň ünsüni çekmek, döwletara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak, halkara ülňüleriniň täze ugurlary we talaplary barada täzelikleri bilmek, şeýle-de häzirki zaman ykdysady şertlerinde işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin zerur bolan bilimleri edinmek mümkinçiligine eýe bolarlar.
Forum halkara bazarlara çykmagy maksat edinýän, innowasion ülňüleri ornaşdyrmak ugrunda işleýän, önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin peýdaly bolar.
Teswirler