Türkmenistanyň DIM-i 2025-nji ýyla taýýarlyk görýär

2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň wekilleri iş duşuşygyna ýygnandylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilýär (çeşme).

Duşuşykda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň öňdebaryjy esaslaryna üns çekip, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýola goýlan üstünlikleri nygtady.

2025-nji ýyl üçin Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenip, halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň ilerledilmegine uly ähmiýet beriljekdigi bellenildi.

Arslan RAHYMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok