Saglyk ulgamynyň ösüşinde Arkadag şäheriniň orny

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri, innowasiýa bilen ösüşi birleşdirýän täzeçil taslamalarynyň birnäçesi bilen tapawutlanýar. Şolaryň hatarynda, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň binalar toplumy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu taslama ýerli çig mallardan peýdalanyp, gündelik ulanylýan lukmançylyk önümlerini içerki bazara hödürlemek we şol bir wagtda önümleri dünýä bazarlaryna eksport etmek maksadyny öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döredilen bu kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Olaryň hatarynda pamyklar, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri bar. Şeýle-de, alty aýlykdan uly çagalara niýetlenen goşmaça iýmitleriň tüwüli, tüwi-bananly, hemenek ýarmaly, ary bally görnüşleri uly islegden peýdalanýar.

Bu çaga iýmitleriniň düzümi witaminler we makro-mikro elementler bilen baýlaşdyrylan bolup, olaryň sagdyn nesli ösdürip ýetişdirmekde orny örän uludyr. Ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly isleg bilen satyn alynýar. Bu bolsa, türkmen önümçiliginiň ýokary hili we dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplydygy barada aýdyň subutnamadyr.

Şäherde öndürilýän lukmançylyk önümleriň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosy tarapyndan güwänama bilen tassyklanylmagy, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň halkara ülňülerine laýyk ösüşini görkezýär. Mundan başga-da, şäheriň ikinji tapgyrynda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda sanjym önümleri, erginler, dokalmadyk matalardan taýýarlanan önümler, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlar, ýöriteleşdirilen arassa suwlar ýaly önümçilikleriň köpelmegi meýilleşdirilýär.

Bu täze zawodlaryň we kärhanalaryň gurluşygy, olaryň halkara ülňülerine laýyklykda alnyp barlyşy, ýokary hilli önümçilik üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de, kärhanada türkmen alymlarynyň ylmy açyşlaryny önümçilige ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleriň bardygy, ýurdumyzda ylma we tehnologiýalara aýratyn üns berilýändigini görkezýär.

Ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylýan Arkadag şäherinde ähli ugurlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň hem ösdürilmegi ýurduň bu ugurdaky strategiýasynyň aýdyňlygynyň nyşanydyr. Şäheriň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň halkara ülňülerine laýyk iş alyp barmagy, halkyň saglygyny goramakda täsirli çäreleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Gülşirin ŞÜKÜROWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň farmakologiýa
kafedrasynyň mugallymy. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok