Türkmenistanda zähmet potensialynyň durnukly ösüşi

Türkmenistan öz ykdysady ösüşinde zähmet potensialyny durnukly ösdürmek bilen, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ileri tutýar. Ýkdysadyýetiň üstünlikli ösüşi, zähmet bazaryny düzgünleşdirmek we iş ýerleriniň köpelmegi ýurdumyzda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Döwlet tarapyndan zähmet we iş üpjünçiligi meseleleri, aýratyn-da, Halkara Zähmet Guramasynyň standartlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly agzasy bolan Türkmenistan, konwensiýalarynyň birnäçeisini ratifikasiýa edip, zähmet şertlerini gowulandyrmak we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek ugrunda möhüm ädimler ätdi.

Ilatyň iş bilen üpjünçiligini we jemgyýetiň sosial goragyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet tarapyndan zähmet bazarynda milli kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurtda işçi güýjüniň mümkinçilikleri diňe bir ykdysadyýetiň ösüşi bilen çäklenmän, sanly ykdysadyýetiň ösmegine hem gönükdirilýär. Mysal üçin, 2019–2025-nji ýyllar üçin Sanly ykdysadyýet maksatnamasynyň çäginde ilatyň sanly hyzmatlardan peýdalanmagy hem iş şertlerini ýönekeýleşdirýär.

Ýurdumyzda sosial goldawlaryň ösdürilmegi, zähmet bazarynyň durnuklylygyny we iş ýerleriniň artyp barmagyny üpjün etmekde möhüm orna eýe bolýar. Döwlet tarapyndan degişli çäreler, hususan-da, pensiýa, döwlet kömek pullary we beýleki sosial hyzmatlar ilata elýeterli edilýär. Döwlet, zähmet bazarynda ýaşlary, aýallary we maýyplary ýokary hilli durmuş şertleri bilen üpjün etmek üçin sanly hyzmatlary giňeltýär. Bu ulgamda 2019-2025-nji ýyllar aralygy üçin «Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» giň gerim alýar, şulara laýyklykda, ilatyň arasynda zähmet we durmuş goldawlaryny gowulandyrmak üçin täze usullar ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň zähmet bazarynda gender deňligini we maýyplaryň hukuklaryny goramak ýaly halkara ölçeglerine laýyklykda milli maksatnamalar işjeň durmuşa geçirilýär. Bu, zähmet bazarynda deň mümkinçilikleri üpjün edýär hem-de sosial taýdan goldaw bermek boýunça global tejribe bilen utgaşykly bolmagyny üpjün edýär.

Bu çäreler bilen Türkmenistan, zähmet potensialyny ösdürmekde we iş bilen üpjünçilikde ägirt uly ädimler ädýär. Ilatyň sosial taýdan goldawyny ösdürmek, işçi güýjüni dürli ugurlarda ösdürmek we aragatnaşygy döwrebaplaşdyrmak, bu maksatlaryň baş tutmagyna giň mümkinçilik döredýär. Zähmet bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmek, täze iş ýerlerini döretmek we halkyň ýaş neslini ösdürmek, Türkmenistan üçin möhüm mesele bolup galýar.

Bilbil Bazarowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Aknur Ataýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok