Ýeňişli menziller bilen aýdyň geljege

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Bu gün agzybir halkymyz batly gadamlar, ýeňişli menziller bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň ajaýyp üstünliklerine buýsanyp ýaşaýar. Milli ykdysadyýetimiziň barha ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm görkeziji bolup hyzmat edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» ähli ugurlary, ýagny bilimi, saglygy goraýşy, medeni, ykdysady ugurlary ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleriň gönükdirilmegine degişli möhüm çäreleri özünde jemleýär. Ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar, halkalaýyn energoulgamy birleşdirmek boýunça hem netijeli işler ýola goýulýar. Ähli künjeklerde ýylyň-ýylyna durnukly ösüş depginine eýe bolunmagy hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň barha ilerledilýändigine aýratyn şaýatlyk edýär.

Oba hojalygynda ekerançylyk bilen bir hatarda, ýüpekçiligi, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek boýunça wezipeler netijeli çözülýär, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny köpeltmek, türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda hem uly işler gazanylýar. Tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga, köpeltmäge degişli çäreler hem üns merkezinde saklanylýar.

Bilim ulgamynda giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn terbiýelemek boýunça halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny, mekdep-gimnaziýalaryny we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalaryny açyp ulanmaga bermeklik möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmeginiň, täze tehnologiýalaryň döremegini, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak arkaly sagdyn bedenli ýaş nesilleri ýetişdirmek babatda-da uly işler alnyp barylýar.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda dabaraly bellenilip, paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi-de buýsandyryjydyr. Eziz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle beýik özgertmeler, asylly başlangyçlar biziň her birimizi jogapkärçilikli, tutanýerli, yhlasly zähmet çekmäge, ýokary netijeli üstünlikleri gazanmaklyga ruhlandyrýar.

Aýjahan PIRNEPESOWA,

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebiniň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok