Ýurdumyzda 5-nji dekabrdan täze ýyl söwdalaryna badalga beriler

Şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap, ýurdumyzyň bazarlarda we söwda merkezlerinde Täze ýyl baýramçylygy bilen bagly ýöriteleşdirilen söwdalar geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de, ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde jemi 850-den gowrak göçme söwda nokady gurnalyp, ilata amatly şertlerde azyk we haryt üpjünçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Täze ýyl söwdalarynda milli önümçilikde öndürilen ýokary hilli azyk önümleri, sowgatlyklar we baýramçylyk nyşanly harytlar ilata hödürlener. Söwda nokatlarynda hyzmatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, olaryň iş wagty uzaldylyp, gije-gündizleýin iş tertibi ýola goýlar.

Bu çäreler Halkara Bitaraplyk gününi we Täze ýyly mynasyp garşy almak, şeýle hem halkyň baýramçylyk taýýarlygyny ýeňilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi we taýýarlyk işleriniň ýokary derejede dowam edýändigini nygtady.

Bägül Kakajanowa,
Beki Seýtäkow adyndakу Mugallymçylyk

mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok