Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýaş suratkeşlere çeper eserlerinde milli gymmatlyklarymyzy wasp etmäge giň şertler döredilýär.
2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň we zehinli talyp ýaşlarynyň “Gujurly ýaşlar” atly sergisi geçirilip gelinýär. Şu ýylyň hem 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bu döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy geçiriler. Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, animasiýa, zergärçilik, halyçylyk, külalçylyk we sungaty öwreniş ugurlary boýunça ajaýyp eserleriň birnäçesi görkeziler.
Bu döredijilik sergisine “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň talyplary Näzik Polatowa, Resul Baýramow, Selbi Gylyjowa, Guwanç Nazarow, Jeren Orazberdiýewa, Köwsär Abbasowa we başga-da birnäçe ýaş binagärler binagärlik taslamalary bilen bu sergä gatnaşarlar. Ýaş binagärleriň taslamalarynda milli äheňleriň şöhlelenmesini diňe bir desgalaryň çeper bezeginde däl-de, eýsem, giňişlik göwrümleriniň ulanylyşynda aýdyň görünýär.
Zehinli talyp Resul Baýramow öz döreden taslama işi bilen has-da tapawutlanýar. Bu taslama işini ýokary okuw jaýymyzyň ýaş mugallymy SanjarbekIsmailowyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirýär. Talyp bu taslama işini “Älem 360” diýip atlandyrýar. Bu taslama işi orta asyr ýadygärlikleri Soltan Sanjaryň kümmetinden we Gutlug Teýmiriň minarasyndan ylham alyp döredýär. Bu taslamadaky binanyň boýy 250 metr ölçegde bolup, 50 gatdan ybaratdyr. Binanyň 1 gaty kabul ediş bölümi we sport toplumy, 2 gatynda restoran we dynç alyş merkezi, 3 gatynda muzeý we sergi zal ýerleşdirilýär. 4–15-nji gatlaryň aralygynda işewürlik toplumy, 16–31-nji gatlarda ýaşaýyş jaýlary, 32–43-nji gatlary bolsa, myhmanhana, soňky gatlarynda bolsa, şähere we asman jisimlerine syn ediş zolagy ýerleşdiriler. Awtor geçen ýyllardaky sergilere işjeň gatnaşyp, öz döreden taslamalary bilen tapawutlanýar. Zehinli ýaş binagär R. Baýramowa döredijilik äleminde üstünlikleri arzuw edýäris.
Ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli gymmatlyklarymyzy we taryhymyzy uly üns merkezinde tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly PrezidentimizArkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!
Jennet Kakabaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
4-nji ýyl talyby.
Teswirler