Ykdysady ösüş her bir jemgyýet üçin derwaýysdyr. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşynyň nähilidigine garamazdan, halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň iň bir wajyp meseleleriniň biri bolup durýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik möhüm gural hökmünde dünýä we sebit döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Döwletiň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen alnyp barylmagy we ulgamda ýokary tehnologiýalaryň we sanlylaşdyrma prosessleriniň ýaýbaňlandyrylmagy global ykdysady giňişligine we umumydünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna güýçli itergi berýär.
Ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýar, şeýle hem onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýar. Türkmenistan milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiligini netijeli peýdalanmaga örän jogapkärli çemeleşmäge ygrarlylygyny bildirýär hem-de bu ugurda anyk wezipeleri ýerine ýetirýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ony dünýä bazaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky Kararnamalarynyň kabul edilmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr.
Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa, oňa ekstensiw ykdysady ösüş diýilýär. Şonda, ol şertleriň tehniki (hil) derejesi öňküligine galýar. Mysal üçin, önümçiligiň ösüşi işgärleriň sanynyň köpeldilmeginiň hasabyna, çig malyň, materiallaryň, energetiki resurslaryň dolanyşyga goşmaça girizilmeginiň, täze gurluşygyň hasabyna alnyp barylsa, onda bu ösüşiň ekstensiw ýoludyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ykdysady ösüşimiziň intensiw we ekstensiw ugurlarynyň ikisine hem uly üns berýär. Ylaýta-da ykdysadyýetimizi intensiw tilsimatly ýola geçirmek bilen ösüşimize oňat badalga berýär.
Aýlar BABAÝEWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler