Türkmenistanyň durnukly gelejek ugrundaky ykdysady garaýyşlary

Türkmenistanyň döwlet strategiýasy geoykdysady gatnaşyklarda durnuklylygy, ekologiýa goragyny we ykdysady ösüşi maksat edinýär. Şeýle maksatlar bilen, Russiýanyň Tatarystan Respublikasynda geçirilýän BRIKS agza ýurtlaryň nobatdaky sammitine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu sammitde ýurdumyzyň halkara strategiýasy, häzirki döwrüň geoykdysady meseleleriniň çözgüdine işjeň gatnaşmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ekologiýa, azyk howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlarda tagallalary utgaşdyrmak boýunça garaýyşlar beýan edildi.

Türkmenistanyň sirkulýar ykdysadyýete geçiş boýunça başlangyçlary, täze çemeleşmeler bilen aýry-aýry meseleleri durnukly esasda çözmäge gönükdirilýär. Sirkulýar ykdysadyýet modeli – zyňyndylary azaltmak, gaýtadan işlemek we çig mallary dolanyşyga gaýdyp getirmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Bu model, çäkli resurslary tygşytlamak bilen, ekologiýany goramak, iş orunlaryny döretmek we täze ykdysady mümkinçilikleri gazanmak üçin möhümdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň sirkulýar ykdysadyýete geçiş bilen baglanyşykly ählumumy çarçuwaly maksatnamasy, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nyşanydyr.

Şeýle-de, bu başlangyçlar bilen birlikde, Serdarymyz Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy boýunça bileleşik döretmek başlangyçlaryny teklip etdi. Türkmenistanyň energetika we ulag ulgamyndaky şeýle çemeleşmeleri bütin dünýäniň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine goşant goşmaga mümkinçilik döredýär.

Netijede, Türkmenistanyň öňe sürýän ykdysady we energetika strategiýalary diňe bir milli ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, halkara derejesinde durnukly ösüşiň, adalatly energiýa elýeterliliginiň, arassa suwuň we howanyň üpjün edilmegine goşant goşýar. Sirkulýar ykdysadyýet bolsa bu tagallalaryň esasy bölegi bolup, çäkli resurslaryň tygşytly ulanylyşyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we geljek nesiller üçin has arassa, durnukly geljegi üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.

Nurgeldi Toýlyýew
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok