Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň 4-6-njy dekabry aralygynda Aşgabat şäherinde Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, doganlyk Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini guramak asylly däbe öwrüldi. Üstümizdäki ýyl bu sergi 11-nji gezek geçirilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler toplumynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkiýäniň “Uluslararası Meridyen Fuarcılık” kompaniýasy tarapyndan gurnalar.

Köpugurly sergide türk haryt öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümler – senagat pudaklary hem-de oba hojalygy üçin enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş enjamlary we elektronika, ýuwujy serişdeler, dürli kosmetika önümleri, hojalyk harytlary, köke-süýji önümleri görkeziler.

Sergi türkmen we türk işewürleri üçin hyzmatdaşlyk etmek, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder. Hususan-da, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda, iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýumlaryny giňeltmäge şert döreder.

Aýnur ASKARBEKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok