Pakistan 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginden TOPH taslamasynyň gurluşyk işlerine girişmäge taýýarlanýar

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynda dört sany hyzmatdaşlaryň biri bolan Pakistan gurluşyk işlerine başlamak üçin 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyryna çenli gutarnykly makullama almaga garaşýar. Bu barada Pakistanyň Energetika ministrliginiň nebit bölüminiň howandarlygynda iş alyp barýan we gaz pudagynda strategiki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan «Inter State Gas Systems» kompaniýasy habar berdi.

“S&P Global” amerikan mediaholdinginiň noýabrdaky hasabatynda bellenilişi ýaly, islegiň möçberiniň içerki gaz çykaryşdan artýandygy sebäpli, Pakistanda gazy import etmek zerurlygy barha artýar. 2023-nji ýylda giň gerimli özgertmelerden soň we 240 million adamdan geçen ilaty bilen bu ýurtda ykdysady ösüş gaýtadan dikeldilýär.

Garaşylyşy ýaly, TOPH taslamasy Türkmenistanda “Galkynyş” gaz käninden Owganystanda Hyrat we Kandagaryň üsti bilen, Pakistanda Çaman, Žob, Dera-Gazi-Han we Multanyň üsti bilen we hindi-pakistan serhedindäki Fazilka turbageçirijisiniň ahyryna çenli her ýylda 33 mlrd kub metr gaz iberer.

Bahar HALLYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok