ABŞ-nyň Miçigan ştaty 2040-njy ýyla çenli 100 göterim arassa energiýa geçer

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştaty, jemgyýetçilik hyzmatlaryny 100 göterim arassa energiýa geçmek bilen baglanyşykly kanunlary kabul etdi.

Golaýda Miçigan ştatynyň gubernatory “Arassa energiýanyň geljegi boýunça meýilnamasy” barada kanuna gol çekildi. Kanunçylyk Miçigan kommunal hyzmatlaryndan 2029-njy ýyla çenli ýel we gün ýaly arassa energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasynyň 15 göterimini almagy talap edýär. Soňra bu maksat 2030-njy ýyla çenli 50 göterime, 2035-nji ýyla çenli 60 göterime we 2040-njy ýyla çenli bolsa 100 göterime çenli ýokarlanar.

Miçigan ştaty şeýle hem 2030-njy ýyla çenli 2,5 gigawat (GW) energiýa saklaýyş standartyny kesgitledi. Häzirki wagtda bu ştat ABŞ-da arassa energiýa maýa goýumlary boýunça 3-nji ýerde durýar. Emma ştatda entek edilmeli köp iş bar. Meselem Miçigan ştaty 2022-nji ýylda 12 göterim arassa energiýa geçdi.

Şatlyk KERIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok