Pakistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge girişmäge taýýarlanýar

“Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasynda dört sany hyzmatdaşlaryň biri bolan Pakistan gurluşyk işlerine başlamak üçin 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyryna çenli gutarnykly makullama almaga garaşýar.

Islegiň möçberiniň içerki gaz çykaryşdan artýandygy sebäpli, Pakistanda gazy import etmek zerurlygy barha artýar. 2023-nji ýylda giň gerimli özgertmelerden soň we 240 million adamdan geçen ilaty bilen bu ýurtda ykdysady ösüş gaýtadan dikeldilýär.

Garaşylyşy ýaly, TOPH taslamasy Türkmenistanda “Galkynyş” gaz käninden Owganystanda Hyrat we Kandagaryň üsti bilen, Pakistanda Çaman, Žob, Dera-Gazi-Han we Multanyň üsti bilen we hindi-pakistan serhedindäki Fazilka turbageçirijisiniň ahyryna çenli her ýylda 33 mlrd kub metr gaz iberer.

Ýeri gelende belläp geçsek, TOPH gazgeçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi – munuň özi, ilkinji nobatda, sebitde hem-de taslama gatnaşyjy ýurtlarda energetika howpsuzlygydyr – Owganystany, Pakistany we Hindistany ygtybarly we arzan tebigy gaz bilen üpjün etmekdir.

Begli HOJAMMAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok