Türkmenistan bilen Gazagystandan şu ýylyň ýanwar aýynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy mukdary 17,3 göterim artdy.
Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfaks-Azerbaýjan” agentliginiň geçen hepdäniň çarşenbe güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 430,8 million tonna ýetdi.
Hasabat döwründe Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisiniň üsti bilen daşalan nebitiň umumy mukdary 2,48 million tonna deň boldy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 1,9 göterim ýokarydyr.
Türkmenistan bilen Gazagystandan 2023-nji ýylda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy mukdary 5 million 240,7 müň tonna barabar boldy.
Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň mugallymy.
Teswirler