Elektron tölegiň ykdysadyýetimize täsiri

Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän dürli pudaklarda elektron görnüşli hyzmatlar ulgamyna geçilmegiň zerurlygy ýüze çykdy. Bu işleri durmuşa geçirmek bilen baglanşykly işler amala aşyrylýar, ýurdumyzyň birnäçe düzümleri bütindünýä internet ulgamyna birikdirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir raýaty internet-banking ulgamlarynda bellige alnyp bilinýär. Ol ykjam we beýleki telefonlaryň, IP telewideniýäniň, internetiň tölegini geçirmäge, alnan karz serişdelerini tölemäge mümkinçilik berýär. Bu hyzmatlar gije-gündiziň dowamynda 24 sagat ýola goýuldy.

Elektron töleg ulgamlary – Internet ulgamynda töleg amallaryny amala aşyrmak üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan döredilen öndürilen önümler indi ykjam öýjükli el telefonlardan ýa-da kompýuterlerden daşlaşman satyn almak mümkinçiligi döredildi. Elektron tölegiň kömegi bilen jemagat hyzmatlarynyň, ykjam aragatnaşyklaryň, kabel ýa-da hemra teleýaýlymlaryň töleglerini, elektron dükandan satyn alnan harytlara we internet saýtlary tarapyndan edilýän dürli tölegli hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak mümkinçiligi bar.

Elektron tölegiň nagt pullara seredeniňde şu aşakdaky artykmaçlyklary bardyr:

  • Tölegleriň çalt geçmegi;
  • Elektron pullaryň möçberi hiç bir kynçylyksyz ownuk bölekleriň islendik mukdarynda bölünip bilner;
  • Elektron pullaryň çykdajysy örän az – şaý pullary ýasamak, kagyz pullary çap etmek, kagyzy we reňkleri we ş.m peýdalanmak zerurlygy ýok;
  • Howpsuzlyk – ogurlanmakdan we galp pul ýasalmakdan goraýar;

Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak we sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňe sürýän wezipeleri ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Olar iň häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrýarlar. Bu bolsa raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has hem gowulanmagyna mümkinçilik berer.

Aragatnaşyk pudagyny ösdürmek üçin ýurdumyzda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrýar. Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin işlenip taýýarlanylan sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi ähli pudaklarynyň we döwlet dolandyryş edaralarynyň tehnologik taýdan utgaşdyrylmagyna we ykdysady bilimiň kämilleşdirilmegine itergi berer.

Guwanç Ahmedow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok