Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyna başlanar

«PetroChina» 2024-nji ýylda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gepleşikleriň işjeň basgançakdadygy we iki tarapyň hem özara bähbitli netijäni gazanmaga garaşýandygy aýdyňdyr.

Hytaý tebigy gazyň 40 göterimden gowragyny turbageçirijiler we suwuklandyrylan gaz arkaly deňziň üsti bilen import edýär we turbageçiriji gazynyň iň uly üpjünçiligi Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň üstaşyry geçýän Merkezi Aziýa gaz geçirijisinden gelýär. Şol bir wagtyň özünde, gaz üç ýurtda önümçilik taslamalary arkaly öndürilýär.

Uzynlygy 1800 kilometrden gowrak bolan Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi A, B we C — üç şahadan ybarat bolup, onuň geçirijilik kuwwaty ýylda 55 milliard kub metre barabardyr.

Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji gazyny iň iri üpjün ediji bolup, ol 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa gaz turbageçirijisi arkaly 34,09 milliard kub metr tebigy gaz iberdi. Munuň özi Hytaýyň gaz geçirijisiniň umumy importynyň 54 göterimini emele getirýär.

Begençberdi AŞYROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok