Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen “Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar gününiň” bu ýylky mowzugy “Global abadançylyk üçin global ylym” diýlip atlandyryldy. Muňa laýyklykda, bütin dünýäde ylymyň halkara jemgyýetçiligine peýdasyny ýaýbaňlandyrmagy maksat edinýän ylmy maslahatlar, konferensiýalar, umumy okuw sapaklary we jemgyýetçilik gezelençleri bu şygar astynda geçiriler.
Belläp geçsek, 2002-nji ýylda ilkinji gezek ýola goýlan we her ýyl 10-njy noýabrda bellenilýän bu günüň esasy maksady dünýäniň halklaryny ylym-bilimiň gymmatlylygyna gönükdirmek bilen parahatçylygy ýola goýmakdan ybaratdyr.
Kakamyrat REJEPGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler