Germaniýada we Beýik Britaniýada Türkmenistanyň işewürlik, maýa goýum forumlary geçiriler

Üstümizdäki ýylyň 20-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik forumy hem-de 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherinde «Türkmenistan – maýa goýum we ösüş» atly forum geçiriler.

Geçiriljek forumlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag we telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurduň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, şeýle-de nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklaryny hem-de bank we ätiýaçlandyryş pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Häzirki wagtda meýilleşdirilýän halkara maslahatlary ýokary derejede geçirmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Berlin şäherinde boljak Türkmen-german işewürler, şeýle hem London şäherindäki Maýa goýum maslahatlarynda Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini has-da ösdürmäge gönükdirilen taslamalara uly orun beriler.

Maral ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok