Otag gülleri

Otag gülleri biziň durmuşymyzda amatly gurşawy döredip howanyň çyglylygyny artdyrýar we ony arassalaýar. Güller gözellikdir, saglykdyr. Ýaşaýan ýerimizde dürli gülleriň açylyp durmagy adamy rahatlandyrýar, ruhy lezzet berýär. Otag gülleriniň adamyň saglygy üçin kesel bejerijilik ähmiýetiniň birnäçe barlaglaryň esasynda subut edilip tassyklanyldy.

Ýaşaýyş we iş otaglarynda kompýuter ulanylýan bolsa onuň ýanynda hökman kiçijik kaktus güli goýulýar. Güller gözellik, gözelligi göreniňde bolsa göwnüň göterilýär. Ynsan özüniň ýaşyna, wezipesine, haýsy jemgyýetde ýaşaýandygyna seretmezden gülleri görende ýylgyranyny duýman galýar. Adamzady şeýle ýylgyrtmagy başarýan gülleriň sanyny köpeltmek, olara yzygiderli ideg etmek hem özüçe bir lezzet. Güller biziň durmuşymyzda iň bir näzik, ezizlenýän närse hasaplandygy üçin sowgat hökmünde iň eziz görýän adamlarymyza gül sowgat berýäris. Güller bilen has içgin gyzyklanýan adamlar olaryň häsiýetlerini öwrenip başladylar. Meselem otag güllerinden haýsy gülleri ýatylýan otaglarda saklamaly,haýsylaryny iş otaglarynda saklamalydygy barada hünärmenler maslahat berýär.

Goý hemmämiziň durmuşymyz güller ýaly owadan bolsun!

Ýalkym ÝAGMYROW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok