Agaçlaryň tohumlaryny ýygnamagyň güýzki işine başlandy

Daşoguz şäher arassaçylyk we abadanlaşdyryş trestiniň topary gülleriň we agaçlaryň tohumlaryny ýygnamagyň güýzki işine başlady. Häzirki wagtda sebitde dowam edýän maýyl güýz günleriniň howa şertleri bu işler üçin amatly bolup durýar. Ýerli bagbanlar şeýle güneşli howada bişen tohumlary ýygnaýarlar, sebäbi bu olaryň hilini we ýaramlylyk möhletini üpjün edýär.

Daşoguzda landşaft dizaýnyna laýyk gelýän, öňden gelýän hemişe gök öwüsýän ýaprakly köpýyllyk agaçlaryň birnäçe görnüşi bar, şol sanda gündogar tuýa we şar görnüşli tuýa hem bar.

Hazirki wagtda mahmal gülleriň, tuýalaryň, kalendulalaryň, petunýalaryň we beýleki gülleriň tohumlary ýitgisiz ýygnalýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, dürli ýaşyl giňişlikler diňe bir köçeleri bezemek bilen çäklenmän, eýsem, howany arassalaýar we daşky gurşawyň amatly şertlerini saklamaga kömek edýär. Bu ýeriň tebigaty, howasy we sebitiň beýleki aýratynlyklary, agaç ekmek üçin baglaryň görnüşlerini saýlanlarynda ýerli hünärmenler tarapyndan göz öňünde tutulýar.

Aýnur GIÇGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok