Sanly ulgam ösüşlere badalga

Hormatly Prezidentimiziñ belleýşi ýaly, Türkmenistanyñ bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek döwletimiziñ bilim syýasatynyñ baş maksadydyr. Berkarar döwletimiziñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe  döwletimiziñ dünýäniñ ösen ýurtlarynyñ hataryndan orun almagy elbetde, her bir ynsany buýsandyrýar, begendirýär. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyñ bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryñ giñden ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiñ hiliniñ ýokarlanmagynda, olaryñ öwredilýän sapaklary çuññur özleşdirmeginde örän uly ähmiýete eýe bolup durýar.

 Sanly bilim ulgamynyñ ýaýbañlandyrylmagy dünýä ykdysadyýetiniñ ösmegine-de goşant goşýar. Mundan başga-da, islendik pudakda, edara-kärhanada maglumatlaryñ, resminamalaryñ elektron geçirilmegi işgärleriñ işini kòp babatda ýeñilleşdirýär. Resminamalaryñ Aýawly saklanylmagynda, has, anyk, takyk ölçegleri hasaplamak üçin dürli hyzmatlaryndana peýdalanmakda, wagt tygşytlamakda hem sanlu bilim ulgamynyñ hem sanly bilim ulgamynyñ hyzmatlary aýratyn bellärliklidir.

Sanly ulgam ýurdumyzyñ ylym, bilim, senagat, medeniýet, saglyk ulgamlaryna, oba hojalygyna giñişleýin ornaşdyrymagy işleriñ ilerlemegine, yzygiderli ösüşleriñ gazanylmagyna has uly itergi berer. Ýurdumyzyñ ykdysady taýdan kuwaatynyñ artmagyna, binýadynyñ berkemegine oñy ýardam eder.

Annanur ATAJANOW,
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok