Toprakdan bol hasyl almagyň täze usullary öwrenilýär.

Ýurdymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda durmyşa geçirilýän işler uly üstünlikler bilen amala aşyrylýar. Ýaşlar durnykly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmek üçün ýurdumyzyň ähli döwrebap talaplaryna gabat gelýän iň kämil tehnologiýalar bilen üpjünleşdirlen ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar.

Ýaşlaryň öz hünärini ele alyp geljekki günlerde halkymyza ýaramly bolan täze ekerançylyk ýerleri özleşdirip we özleşdirlen topraklaryň gurplulygyny gowlandyrmakda mineral dökünler bilen üpjün etmek bilen täze bag – nahallarynyň möçberini köpeltmek uly derejedir.

Gadymdan gaýdýan ýola häzirki wagtda ser salyp görsek, bu geçilen uzak ýolda aslynda ähli zat toprak bilen bagly bolup durýar. Gadymy ata-babalarmyzyň medeni, ykdysady, söwda gatnaşyklarynynyň ösmeginiň esasy sebäbi topragyň öndürýän önümleri bolup durýar. Toprakdan bol hasyl almak üçün zerur şertleriň biri topragy organiki we mineral dökünler bilen baýlaşdyrmak we wagtly-wagtynda ideg etmekdir. Çünki gowy idegli göz bilen seredilen topraklardan alynan önümler diňe bir adam saglygyna peýdaly bolman adam beýnisi nerw ulgamy üçin hem peýdasy bardyr. Haýran galaýmaly, toprak göräýmäne sessiz ümsüm ýaly ýöne oňa çala öz täsirini ýetirseň ol bize joşa-joşa özüniň bol hasylyny eçilýär.

Biz talyplar öz ylym – bilim alýan ýokary okuw jaýymyzda işjanly halypalarymyz, ussat mugallymlarymyz bilen bilelikde bazar bolçylygyny döredýän önümleri öwrenmek bilen çäklenmän täze, dürli görnüşli daşky tebigatyň käbir şertlerine durnukly, ýokary hilli bol hasyly öndürmegi öwrenýäris.

Bossan NURMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
agrohimiýa we topragy öwreniş
hünäriniň IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok