Üns beriň! Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi 2023-2024-nji okuw ýylynda “Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy” atly şygar astynda geçiriler.

III möwsüme saýlanmak üçin okuwçylardan 100 sany test soraglary alnar. Testleriň 50 sanysy Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, 20 sanysy XVII-XVIII asyr Türkmenistanyň taryhyna we dünýä taryhyna, 20 sanysy iňlis diline degişli, 10 sanysy bolsa akyl-paýhas (IQ) soraglary bolar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi 8 sany saýlama oýun, 2 sany ýarym final we final oýunlaryndan ybarat bolar. Şeýle hem “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigine ýurdumyzyň 9-10-11-nji okuwçylary gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylar bilen saýlama test synagy sentýabr aýynyň I ongünlüginde geçiriler.

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň saýlama sekiz oýnunyň temalary:
I oýun: Döwletmämmet Azady we onuň döwründe Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklar. (Merkezi Aziýadaky döwletler, olardaky daşary syýasat, Russiýa imperiýasynyň Merkezi Aziýa gyzyklanmasynyň artmagy. Hojanepes. A.B.Çerkasskiniň ekspedisiýalary);
II oýun: Sefewi türkmen döwletiniň XVII asyryň ahyrynda — XVIII asyryň başynda halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy;
III oýun: Owşar türkmen döwletiniň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary;
IV oýun: Osman türkmen döwletiniň XVII – XVIII asyrlardaky halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty;
V oýun: Gajar türkmen döwletiniň XVIII asyrdaky — XIX asyryň I çärýegindäki halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty;
VI oýun: Ahmet şa Dürrany. Dürranylar döwletiniň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary;
VII oýun: XVIII asyrda — XIX asyryň I çärýeginde Hywa hanlygynyň we Buhara emirliginiň halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy;
VIII oýun: XVIII asyrda Hindistanyň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary.

Şeýle hem bu barada doly görnüşde iirmfa.edu.tm web-saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok