Maglumat-aragatnaşyk binýady barha berkidilýär

Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyz innowasion ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Durnukly ösüşiň möhüm wezipelerini üstünlikli çözmekde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagyna, maglumat binýadynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalar durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülmek bilen, ol yzygider ähli ugurlara ornaşdyrylýar, ilata edilýän sanly hyzmatlaryň sany hem barha artdyrylýar. Sanly ulgamyň işini mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak, elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň işini işjeňleşdirmek, elektron hyzmatlarynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek arkaly döwlet hyzmatlaryny köpugurly «bir penjire» ulgamy boýunça ýerine ýetirmek üpjün edilýär. Şeýle hem döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlary, portallaryny döretmek, döwrebap ülňä getirilmegini gazanmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ýola goýulýar. Şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň işi bilen bagly kadalar hem resmileşdirildi. maglumat ulgamy köpçülikleýin sarp edişiň önümi bolup çykyş edýär. Ol jemgyýetiň ähli ugurlarynda işjeň ulanylyp, dürli pudaklaryň howpsuzlygyň ýagdaýyny kesgitleýär. Häzirki şertler maglumat howpsuzlygynyň zerurlygyny öňe çykarýar. Peýdalanylýan maglumat mümkinçilikleriniň göwrümleri dürli bolup, ol howpsuzlygy hem talap edýär. Ençeme ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly ösüşler gazanylýar. Çünki sanly ulgam islendik ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmakda, ösüşiň ýokary hilini üpjün etmekde möhüm gural bolup çykyş edýär. Maglumat-aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamlarynyň çalt depginler bilen ösüşini, bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek we olaryň möçberlerine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmekde netijeli ädimler ädilýär. Bu ugurda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan kabul edilýän kanunlardan gelip çykýan wezipeler bolsa üstünlikli çözülýär. Ylmyň we tehnikanyň, maglumat alyş-çalşygynyň ösüşi dünýä jemgyýetçiliginde ýurtlaryň ykdysadyýetiniň barha ösmegini, bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyny hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokary ösüş depginini kesgitleýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok