«Hoz» barada peýdaly maglumatlar

Hoz (Juglans regia) – hozlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20-25 metre çenli ýetýän bir ýa-da köp sütün emele getirýän wekili. Sütüniň gabarasy 150-250 sm barabar. Ýapragy uly uzynlygy 20-45 (55) sm. Gülleri aýry jynsly, ownuk. Miweleri – ýalan şänik ýa-da «hoz» . Daragt adatça aprel-maý aýlarynda gülleýär. Miwesi sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär. Hozuň watany Merkezi we Kiçi Aziýa bolup, «grek hozy» diýen adyň dakylmagynda Russiýa Gresiýadan getirilmegi sebäp bolupdyr. Hozuň dünýäde 40-dan gowrak görnüşi bar.

  • Hoz tohumyndan we töňňeden çykýan ösüntgilerden kemala gelýär. Amatly şertlerde aýry-aýry agaçlar 300-400 ýyla çenli ýaşaýar.
  • Hozuň ýapragynda 2250-4500 mg % çenli mukdarda С, P, B1 witaminleri, 0,33 mg % karotin, 0,01-0,03 % efir ýaglary, 3-5 % eý maddalary, kwersetin giperozid we kemiferol flawonidler, hinonlar, fenol-karbon turşulyklar, reňk beriji ýuglon saklanýar.
  • Hozuň maňzy – örän gymmatly önüm, düzüminde 75 %-e çenli ýag, 20 % töweregi beloklar, 7-16 % uglewodlar, 30-50 mg % C witamini, 0,3 mg % B1 witamini, karotin we E, P witaminleri, şeýle hem demiriň we kobaltyň duzlary bar.

Hoz melhemlikleri

  • Hoz agajynyň 3-4 nahar çemçe (45-75 g) gury owradylan ýapragyny ýarym litr (500 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda gaýnatmaly. Hasadan geçirip, deri kesellerinde, iriňli ýaralarda ýapgy ýa-da çalgy görnüşinde haýyrlanmaly.
  • Hozuň 1 kg ter ýa-da guradylan ýapraklaryny 10 litr suwa atyp, agzy mäkäm ýapylýan gapda pessaý otda 30 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan pet bilen iriňli dömme çişlerine ýolugan çagalaryň, mäzleriň limfatik kesellerine uçran syrkawlaryň endamyny ýuwmaly.

Maýa BAÝRAMOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok