“Hakykatdan-da ýaşlaryň şäheridigine janly şaýat bolduk”

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary institutyň mugallymlary bilen bilelikde Arkadag şäherine okuw gezelenjini gurnadylar.

Talyplar ol ýerde akylly şäheriň aýratynlyklary, binalaryň ýerleşişi, gurluşy, akylly enjamlaryň ornaşdyrylyşy, şeýle-de öz bilim alýan ugurlary boýunça tejribeleri edindiler.

Talyplara institutyň İlkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Ismaýyl Ýakubow we Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew ýolbaşçylyk etdiler.

Şol institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Aýşirin Döwletowa gurnalan gezelenç barada şeýle gürrüň berdi:
“Bu ýerde döwriň ýürek sesi bilen deň gadam urýan hyjuwly ýaşlaryň zähmet çekmekleri, döretmekleri, gurmaklary üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilen. Häzirki zamanyň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün edýän desgalar ýokary hilli binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýar.

Şahyr Halyl Kulyýewiň:
“Gör, neneňsi ajap görnüş alnymyz,
Daglaryň üstünden daglar görünýär”
diýen ajaýyp setirleri bar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň alny bu gün biri-birinden zyýada jahan döwletleri bilen bäsleşýän görkana şäherler bilen bezelýär.

Göreniňde gözüňi dokundyryp, göwnüňe ganat berýän “akylly şäher”-halkymyzyň ýürek emri bilen döredilen, Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Arkadag şäheri…
Ak bagta meňzeş bu ak şäheriň hakykatdan-da ýaşlaryň şäheridigine biz janly şaýat bolduk”

Şol sanda institutyň talyplary Arkadag şäheri barada gepleşik ýazgy edip, köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş etdiler.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok