Saz älemine syýahat

Eger saz – bu bir ýer bolsady, onda Jazz – bu  bir şäherdir.

 Iýun aýynyň 30-na paýtagtymyzyň Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezinde Ari Rolandyň jazz kwartetiniň we türkmen sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde amerikan jazz sazlarynyň konserti geçirildi.

Dabaranyň başynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisi New Ýork şäheriniň Ari Roland jazz kwarteti topary bilen tanyşdyryp dabarany açyp berdi.

Bu jazz kwarteti toparynyň agzalary köp türkmen sazandalary bilen çykyş etmäge mümkinçilik gazandylar. Soňra bolsa, sazandarlar çykyşyna başlamazyndan öň, özleri bilen tanyş etdiler. Olar Türkmenistanda10 ýylyň dowamynda  eýýäm 7nji gezek saparda bolanlygy barada we türkmen halkyny örän gowy görendikleri barada agzap geçdiler.

Ari Roland jazz kwarteti Nýu Ýorkdaky meşhur 4 sany jazz sazandalar grupbasynyň biridir. Olaryň agzalary saksafon tüýdükçisi Kris Braýer we Zeid Nasser-alt saksafonçy, Jon Moska-trombon şeýle hem, deprekçi Keýs Balla. Zeid Nasser düýädäki iň meşhur jazz sazandasy bolan Jamin Nasseriň ogly. Olaryň arasynada iň ýaş sazanda Tehasly deprekçi Kit Balla. Konsertiň dowamynda Kit barada belläp geçildi. Ari Roland jazz kwarteti döränine 33 ýyl bolup,  Kit hem şol döwürler dünýä inipdir. Bu meşhur jazz dörtlügi eýýäm birnäçe ýyldan bäri özlerini dünýä belli etmegi başarypdyrlar. Bular jemi 140-dan gowrak döwletde bolup, öz sazlaryny tomaşaçylara tanadyp gaýtmagy başarypdyrlar.

Dabarynyň ilkinji ýaňlanan jazzy Luis Amestrongyň bir hekaýasyndan örän ajaýyp sazy ýerine ýetirdiler. Nobatdaky saz bolsa, tomaşaçylaryň kalbyny joşdurdy. Olar türkmen halk sazy bolan “Küşdepdini” çaldylar. Olar bu sazy Türkmenistanda öwrenendiklerini we häzirem üstünde işleýändikleri barada aýtdylar. Soňra bolsa, dabarany has hem gyzyklandyrmak üçin sazandalar ýörite tomaşaçylara jazz sazy bilen birlikde ”Kiçijek bala” atly hüwdi äheňinde  aýdym aýtdyrdylar. Gyzyklanma has-da artmaga dowam etdi. Indiki saz bolsa, Kris Braýersiň ýerine ýetirmeginde ýörite tans sazy boldy. Bu sazda özüňizi Nýu Ýorkuň Manhetton şäherinde ýaly duýup boljakdygyny sazanda Jon Moska beýan etdi. Soňra, Kit Balla özüniň deprekdäki ussatlygyny görkezip uzak wagtlaýyn deprekde her dürli sazlary çalyp, sahnany bezemegi başardy. Diňe bir Ari Rolandyň deprekçisi däl, eýsem sahnany biziň türkmen deprekçilerimiziň biri Yklym Babanyýazow hem öz başarnygyny görkezdi. Iki millet bir bolup, deprekde sazlaşykly owadan şirin owazly sazlary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda bolsa, meşhur jazz dörtlügi çagalar üçin gysgajyk sazlary ýerine ýetirdiler. Soňra, biziň öz türkmen sazandalarymyzdan hem owadan şirin owazlar ýaňlandy. Bu bolsa, biziň buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Dabaranyň soňunda bolsa “BLUE” ýagny gynanaçly sazyň görnüşi barada tanyşdyryp Zeid Nasseriň ýerine ýetirmeginde bir Blue sazy bilen jemlediler.

Aýşirin ALYÝEWA

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok