Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň çarwalary owlak-guzy möwsümine taýýarlykly geldiler. Maldarçylyk hojalygynda ene goýunlardan sagdyn guzy almak üçin ýokary derejede mümkinçilikler we şertler döredildi.
«Maldar» maldarçylyk hojalygynda 174 müň 731 baş dowar bolup, şonuň 101 müň 611-si önüm berýän ene mallardyr. Möwsümde 93 müň 909 owlak-guzy alnyp, şertnamalaýyn borçnama artygy bilen berjaý edildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, maýda şahly mallardan ýokary önüm alyp, döwletiň azyk bolçulygyna önjeýli goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesi we «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň kärdeşler arkalaşygy guramasy bilelikde öňdebaryjy maldarlaryň arasynda «Malym — janym» atly bäsleşigi yglan etdi.
Bäsleşikde öňe saýlanan dowardarlara «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Welaýat boýunça maldarçylyk hojalyklarynyň çopan-çoluklary möwsümiň başyndan bäri 365 müň 606 dowardan sagdyn owlak-guzy alyp, bu baradaky şertnamalaýyn meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Ýaş mallaryň hemmesi ösdürime goýberilýär.
Jahan GARRYGULOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.
Teswirler