Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry bolan dalaşgärleri bellige almak tamamlandy.
Tutuş ýurdumyz boýunça dalaşgärleriň 14872-si hödürlendi we bellige alyndy. Olardan milli parlamentiň deputatlygyna 258 dalaşgär, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 515 dalaşgär, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001 dalaşgär, Geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgär bar. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndan ýokary hünärli işgärler, dürli hünärleriň wekilleri bar.
Ähli dalaşgärler erkin we deňhukukly esasda hödürlenip, olary hödürlemek we bellige almak işleri milli kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, açyklyk häsiýetine eýe boldy. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky wagyz-nesihat çärelerini we saýlaw möwsümini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek işleri saýlawlary geçirmek baradaky çözgüt yglan edilen pursadyndan başlap, 25-nji marta çenli dowam eder.
Ähli okruglarda bir orna 2-3 dalaşgär hödürlendi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň saýlawlary geçirmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitlän bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelýär. Saýlawlarda dalaşgärlere deň derejedäki hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Saýlawlara Demokratik partiýadan 6241, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 523, Agrar partiýasyndan 3576, raýatlar toparyndan 4532 dalaşgär görkezildi. Dalaşgärler ýaşaýan ýerlerindäki saýlaw okruglarynda saýlawçylaryň umumy ýygnagynda teklip edildi.
Ýakyn wagtda ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş we wekilçilikli häkimiýet edaralarynda dalaşgärleriň saýlawçylary bilen duşuşyklary başlanar. Dalaşgärler saýlawçylar bilen geçirjek duşuşyklarynyň dowamynda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary barada gürrüň bererler. Şeýle hem olar watandaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli, oňyn başlangyçlary öňe sürýän dalaşgärlere bildiren ynamyny ödemek üçin ýerine ýetirjek işleri barada beren sowallaryna jogap bererler.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalara, jemgyýetçilik guramalaryna, dalaşgärlere, olaryň ynanylan wekillerine, raýatlaryň teklipçi toparlaryna wagyz-nesihat işlerini erkin alyp barmaga mümkinçilik döredilýär. Dalaşgärlere köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň şertler kepillendirilýär. Saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçmegi oňa halkara we milli synçylaryň gatnaşmagyny üpjün eder.
Soňky döwürde ýerine ýetirilen uly işler açyklyk we aýanlyk esasynda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasyndaky işjeň tapgyra gadam goýdy. Munuň özi ýurdumyzyň deputatlarynyň täze düzüminiň, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçiriljekdigini görkezýär.
Tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 125-sini saýlamaly. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 240-synda, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary okruglaryň 960-synda, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bolsa okruglaryň 5897-sinde geçiriler. Ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň 2644-si döredildi.
Teswirler