Ýazky ekişe ählitaraplaýyn taýýarlykly barylýar

Ahal welaýatynda ýazky ekişe ählitaraplaýyn taýýarlykly barylýar. Gowaça ekişi geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri utgaşykly dowam edýär. Bu işlerde kämil tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar.

Jogapkärli möwsüme taýýarlygyň çäginde etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda, daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynda bar bolan tehnikalar we gurallar abatlanýar. Abatlaýjy ussalar tehnikalaryň her birini gözden geçirýärler, abatlaýarlar we ekişe taýýar edýärler.

Şu ýylda sanly telematik ulgam ornaşdyrylan «John Deere» kysymly oba hojalyk tehnikalary hem ýörite göz öňüne tutulan meýdanlarda ýazky ekişe giňden çekiler. Şonuň bilen baglylykda, şu günler şeýle tehnikalar meýdan işlerinde netijeli ulanylýar. Olar arkaly ýerleri sürmek we tekizlemek işleri takyk alnyp barylýar.

Jogapkärli möwsüm üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Welaýatda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalarda taýýarlanýan gowaça tohumynyň arassalygyna ýörite hünärmenler gözegçilik edýärler.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 135 müň gektar meýdanda gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda geçirmegi maksat edinýän welaýatyň oba zähmetkeşleri häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlarda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmagy hem ünsden düşürmeýärler. Bu işlerde welaýatyň Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynyň oba zähmetkeşleri görelde bolýarlar. Olar sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmekde hem yhlaslylyk görkezýärler.

Ýakup SUWHANOW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok