Milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik işleriň rowaçlanýan ajaýyp döwri boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň düzümleriniň işini kämilleşdirmek barada öňe süren başlangyçlarynyň täze taryhy eýýamda uly ähmiýete eýedigini bellemek möhümdir.

Döwletli başlangyç, ilkinji nobatda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda olaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýar. Şu jähetden, bu başlangyç halkyň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy. Öňe sürlen döredijilikli pikir-garaýyşlar ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini pugtalandyrmaga, döwletiň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler hökmünde häsiýetlendirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän edarany — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky başlangyjy türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, bagtyýar şu gününiň, röwşen geljeginiň sazlaşygyny nazarlaýar. Hususan-da, Halk Maslahatynyň Diwanyny döredip, onuň üstüne welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek wezipesi ýüklenilse, ýerli halk maslahatynyň has netijeli işlemegi üçin amatly boljakdygy barada aýdylanlar tüýs ýerine düşen teklip bolup durýar. Munuň özi kabul edilýän kararlaryň, çözgütleriň hut halkyň bähbidine gönükdirilmeginde wajyp ähmiýete eýe bolup, «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýlen ýörelgäniň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Goý, halk bähbidine gönükdirilen taryhy özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary has-da rowaçlansyn!

Mekan BALLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok