Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy rowaçlanýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda Hazaryň täsin tebigatyny gorap saklamak boýunça netijeli çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji sammitini geçirmek baradaky başlangyjy biziň ýurdumyzyň öňe sürendigini, şeýle hem bu Forumyň 2002-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirilendigini uly guwanç bilen bellemek gerek. Ol duşuşyk ýakyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek boýunça başlangyç tapgyra öwrülip, şol döwürden başlap, döwletara gepleşikler hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Birinji Hazar sammitinde kabul edilen resminamalar soňraky geçiriljek sammitler üçin başlangyç binýat boldy. 2003-nji ýylda Hazarýaka ýurtlary ýagny, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gol çekdiler. Tähran Konwensiýasynyň maksady Hazaryň deňiz gurşawyny hapalanmakdan goramakdan ybaratdyr. Olar Hazar deňziniň biologiýa serişdelerini gorap saklamagy, gaýtadan dikeltmegi hem-de durnukly we rejeli peýdalanmagy öz içine alýar.

Hazarýaka döwletleriň ählisi tarapyndan tassyklanandan soňra Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şunuň bilen baglylykda, 12-nji awgust Hazar deňziniň güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu sene Türkmenistanda her ýyl bellenilýär hem-de ýörite çäreler geçirilýär. 2007-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Pudagara topary döredildi.

Türkmenistan Hazar deňzi boýunça duşuşyklaryň we forumlaryň, şol sanda Hazarýaka döwletleriniň wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagynda halkara maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, Hazar deňziniň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika kuwwatyny doly herekete getirmek boýunça yzygiderli çäreleri geçirýär.

.

Zulfiýa ÝAŇABAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok