Türkmenistanyň çagalar kitap grafikasynyň çeper bezegi

Adamzat taryhynyň tutuş dowamynda dünýä halklarynyň durmuşynyň hemrasy  bolup gelýän sungat müňýyllyklaryň içinde barha kämilleşip, häzirki döwürde ösüşiň örän ýokary derejelerine ýetdi. Türkmen halkynyň çeperçilik sungaty gadymy milletimiziň köp asyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny, ruhy medeniýetini özünde jemleýär. Türkmen suratkeşleri döwre laýyk eserleri döretmek arkaly biziň şu günümizi doly we hemmetaraplaýyn suratlandyrmakda sungatyň täzeden-täze mümkinçilikleriniň işjeň gözleglerini alyp barýarlar. Ýurdumyzda bilim, medeniýet, sungat ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan özgertmeleriň netijesinde türkmen we daşary ýurt sungatynyň taryhyny öwrenmäge, ony çuňlaşdyrmak netijesinde milli sungatymyzy ösdürmäge giň mümkünçilikler döredildi. Çünki sungat her bir ynsanyň dünýägaraýşynyň netijesinde döreýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary bilen durmuşa geçirilýän bilim ulgamyndaky uly özgerişler türkmen halkynyň baý mirasyny çeperçilik nukdaý nazaryndan öwrenilmegine getirdi. Ýurdumyzda geljekki ýaş nesiller barada edilýän tagallalar muňa aýdyň mysal bolup biler.                                                                                                 

Çagalaryň dogry aň düşünjeli bolup ýetişmekleri hem olaryň ýaşlykdan alýan terbiýelerine bagly bolup durýar. Çaga çagalar bagynda öz terbiýeçisinden, öýünde bolsa öz ene-atasyndan terbiýe, bilim alýar. Emma daşary ýurt alymlarynyň we atalar sözünden mysal tutsak ol öz gören, okan zadyny ýatda saklap has-da kämilleşdirýär. Şonuň üçin olar çagalar üçin niýetlenilen dürli mazmunly, gyzykly, terbiýe berijilikli suratlar bilen bezelen kitaplary okamaklarynyň zerurdygyny nygtaýarlar. Hormatly Arkadagymyz şeýle belleýär: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik işgärlerimiziň döredýän kämil çeper eserleri halkymyzy beýik işlere ruhlandyryp, Türkmenistan döwletimiziň kuwwatynyň barha artmagyna, şan-şöhratynyň belende göterilmegine uly itergi berýär.

1920-nji ýyllardan başlap, şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda grafika sungaty hem milli aýratynlyklary we Ýewropa sungatynyň çeperçilik däpleri bilen ösüp başlaýar. Sungatyň bu ugry barada söz açmak üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bitirýän işlerini agzamaklyk ýerlikli bolar. Şol ýyllardan başlap, türkmen ýazyjy-şahyrlary dürli žanrlarda eserleri döredip başladylar. Şol žanrlaryň içinde has-da tapawutlanan ugurlaryň biri hem çagalar edebiýatydyr. Çagalar edebiýaty halk döredijiligine ýykgyn etse-de, ýagny, ertekiler, rowaýatlar, sanawaçlar, ýalňytmaçlar, hüwdiler, milli oýunlarymyz bilen baglanyşykly bolsa-da, ýazyjy-şahyrlarymyz özleriniň awtorlyk eserlerini döretmekden daşlaşmadylar. Olaryň arasynda Kerim Gurbannepesowyň “Ýalta we bagt”, “Goňurja”, “Nazarjanyň piljagazy”, “Maşgala we mekdep” we Ata Salyhyň “Ýolbars we tilki”, “Kädiniň gülkisi” ýaly basnýalaryny mysal getirmek bolar. Hut, şeýle özüne çekiji häsiýeti özünde jemleýän çagalar edebiýatyny gazet-žurnallarda, kitaplarda çap edip, olary mazmunyna görä bezemekde hem türkmen grafikaçy-suratkeşleriniň tutýan orny uludyr.                                                       

W. M. Kogdin. Beki Seýtäkowyň “Aýaz han”
ertekisine bagyşlanan çeper bezegi. 1960

1920–1990-njy ýyllaryň aralygynda türkmen kitap bezeglerinde täze gözlegler, pikirler öňe sürülip, ajaýyp grafika illýustrasiýalary döredi. Bu döwüriň çagalar edebiýatynyň kitap bezeglerinde işlän Walentin Kogdin, Möjek Çaryýew, Nurmuhammet Berdiýew, Baýramgylyç Lallykow, Zilzilýa Soltanmyradow, Anatoliý Salin suratkeşler özleriniň milli häsiýetli şekilleri bilen tapawutlandylar. Şonuň üçin hakyky sungat eserini  döretmek, döredijilik kämilliginiň, tebigy talantyň zerur bolşy ýaly, ruhy belentligiň  durmuşa söýginiň joşup durmagy zerur. Hakyky sungaty hem ýüregi durmuşa şu dünýä söýgüden dolup duran ynsan döredip biler. Şeýle-de sungatyň öz dili bar, onuň diline düşünmek üçin ony söýmegi, inçe syrlaryna aralaşmagy, gözelligi duýuş ukybyny  kämilleşdirmegi başarmaly. Türkmen çagalar edebiýatynyň kitap bezegçi suratkeşleriniň eserleri durmuşy wakalary we gadymdan gelýän ene-mamalarymyzyň gürrüň berýän ertekilerinden, türkmen ýazyjy-şahyrlarymyzyň ýazan ertekilerini beýan etmek bilen häzirki döwrümize nusga bolup, watanmyzyň ösüşine, geljekgi nesillerimize nusga boljak eserleri döretdiler.        

1991–2006-njy ýyllarda türkmengrafikaçy suratkeşler çagalar kitap grafika bezegleri ýerine ýetiripdirler. Olardan D. Mämmijikowyň, Y. Gylyjowyň, M. Hudaýgulyýewiň, J. Orazberdiýewiň, G. Okaýewiň, A. Jumaniýazowyň, M. Lallykowanyň, W. Seýitmädowyň, D. Akyýewiň, Ý. Mihelsonyň döreden eselerini, kitap bezeg işlerine mysal getirse bolar. Kitap grafikasynda ertekileriň, goşgularyň, hekaýalaryň, powestleriň ýa-da çagalar üçin niýetlenen beýleki kitaplaryň şekiller bilen janlanmagy her bir adam üçin täsirlidir. Çagalar edebiýatyndaky ertekileriň, hekaýalaryň we powestleriň gahrymanlarynyň keşplerini şowly janlandyrmak grafikaçy suratkeşleriň uly ussatlygyny we başarnygyny görkezýär.               

Ş. Rejepowa. “Şärikli ekin” kitabynyň çeper bezegi. 2010

Grafika eserlerini çeperçilik taýdan baýlaşdyrmakda, olaryň many, hil tarapyny güýçlendirmekde eserlere dürli öwüşgin bermegiň ähmiýeti uludyr. Ylaýtada, soňky wagtlarda grafika özboluşly hil suratlaryna, pelsepe umumylaşdyrmalara, çuňňur psihologik çözgütlere eýe bolýar. Türkmen grafikasy aýratyn hem soňky ýyllarda özüniň ösüş ýoluny üstünlikli we netijeli dowam etdirýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2008-nji ýylyň dowamynda alnyp barylan ylmy-döredijilik işleriň hatarynda grafika kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gazanan üstünlikleri ýokarydyr. Bu üstünlikleriň özeni Döwlet maksatly işleri döredijilikli ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda: Suratkeş D. Akyýewiň we A. Gowşudowyň “Dordepel” atly kitabynyň, mugallym M. Hojaýewanyň we N. Saryhanowyň “Şükür bagşy”, K. Kulyýewiň “Iki sallançak arasy” we “Türkmen halk ertekileri” atly kitaplarynyň, “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň uçurymlary T. Gylyçdurdyýewanyň, H. Ysmailowyň “Iki atanyň bir ogly” atly kitabynyň, “Grafika” kafedrasynyň mugallymlary Ş. Rejepowanyň we J.Ýusupowanyň “Geliň aýdym aýdalyň” atly kitabynyň, R. Rahmanowyň  K. Gurbannepesowyň “Oýlanma baýry” atly kitap bezeg işleri Döwletimiziň kitap bezeg sungatyna önjeýli goşant boldy. Talyplaryň öz halypalary bilen işleşmekleri, olaryň barha kämilleşmeklerine ýardam berýär. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika kafedrasynyň halypa suratkeşi N. Eýeberenowyň, K. Nurbatowyň “Medinäniň doglan güni” atly kitapçasynyň bezeg işlerini ýerine ýetirilýär. 2010-njy ýylda akademiýanyň talyplary we mugallymlary özleriniň okuw işleri bilen döredijilik tejribeligini utgaşdyrmakda-da yhlasly zähmet çekdiler.                                    

N. Eýeberenow, J. Ýusubowa, N. Şyhyýewa we Ş. Rejepowa dagylar bilelikde 2008-nji ýylda çap edilen “Ýalňytmaçlar” atly kitabyň çeper ýezeg işini ýerine  ýetirýärler. Bu kitap çagalaryň sözleýiş ukybyny ösdürmek üçin niýetlenen hem-de çagalara gyzykly we täsirli bolar ýaly reňkli suratlar bilen üpjün edilen. Her ýalňytmaça görä suratlar yzygiderli, tertipli ýerleşdirilipdir. Mysal üçin,

Bir towşan ýapa ýarmaşmakçy boldy,
Yzy bilen menem ýapa ýarmaşmakçy boldum.

– diýen ýalňytmaçda suratkeş kompozisiýany örän ýerlikli ýerine ýetiripdir. Bu kompozisiýada açyk meýdanda baýyra ylgam barýan towşany, yzy bilen oglanjygyňam towşanyň yzyndan ylgap baryşy örän ajaýyp ýerine ýetirilipdir we çagalaryň aňynda has gowy galar ýaly täsir döredipdir.

Grafikaçy suratkeş D. Akyýew 2008-nji ýylda çap edilen “Göroglynyň döreýşi” atly kitabyň çeper bezeg işini ýerine ýetirýär. Bu kitap “Görogly” şadessanynyň ertekileşdirilen görnüşi bolup, onda eseriň mazmuny suratlara ýagny, eseriň çeper bezegine örän gowy siňdirilipdir. Göroglynyň görde dogulyp, ony bir geçiniň ulaldýandygy barada hem-de ony adamlar mekirlik edip tutýandyklary barada eserde aýdylýar. Şeýle-de bu kitap D. Akyýew tarapyndan reňkli suratlar bilen baý bezelen. Grafikaçy suratkeş ýagty reňkleri ulanyp, goýy çyzyklaryň üsti bilen eseri aýdyňlaşdyrýar. Eserdäki ýagty-kölege, reňk öwüşgünligi örän sazlaşykly ýerine ýetirilen. Ertekiniň mazmunyny açyp görkezer ýaly suratlar kitapda ýygy-ýygydan ýerleşdirilen.                            

D. Akyýew. “Göroglynyň döreýşi” kitabynyň çeper bezegi. 2008

Çagalar edebiýatynyň çeper bezegini ýerine ýetirýän ussat grafikaçy suratkeş Ş. Rejepowa N.Halymowanyň çagalar üçin niýetlenen “Sanawaçlar” atly kitabyny öz döredijilik eserleri bilen beräpdir (Sanawaçlar). Bu kitapda ýazylan birnäçe sanawaçlar çagalaryň aňyny, ýatkeşligini ösdürmek üçin niýetlenendir. Sanawaçlar – şahyrana halk döredijiliginiň, esasan, çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanşykly görnüşleriniň biridir. Bu görnüşiň adalgasy “Sanamak” sözünden döräp, ol tekst bentlerini ýüzugra sanap çykmaklygy, ýagny aýtmagy aňladýar. Bu şahyrana görnüş 3-4 ýaşdan 14-15 ýaşa çenli döwürlerde oýnalýar. Sanawaçlar köplenç çeper okaýyş şekilinde ýerine ýetirilýär. Olaryň arasynda sahnajyk-gepleşik görnüşinde aýdylyp, dürli hereketler bilen utgaşdyrylyp aýdylýanlary hem bar.

Ş. Rejepowa. “Sanawaçlar” kitabynyň çeper bezegi. 2008

Başam barmak baş getir,
Süýem barmak süýt getir,
Orta barmak ot getir,
Ogulhajat ok atar,
 Külbikejik kül atar.     

– ýaly sanawaçlarda-da sesleriň sazlaşygy esasy orna eýedir. Çagalaryň görüp-bilip ýören zatlary (baş, süýt, ot, ok, kül) bilen barmaklaryň häsiýetlendirilmegi diňe çeperçilik hyzmaty özünde saklaýar, sözleriň şekil taýdan sazlaşmagy suratlaryň üsti bilen aňladylmagy çaganyň ýat tutmaklygyny ýeňilleşdirýär. Şeýle-de sanawaçlaryň käbiri çagalaryň şahyranalyk ukybynyň ösmegine-de kömek edýär.

Umuman, Garaşsyzlyk döwrüniň çagalar kitap grafikasynyň çeper bezegi  özüniň milli häsiýetleri bilen tapawutlanyp, türkmen suratkeşleriniň her biri özboluşly çeper aýratynlyklaryny peýdalanypdyr we köp temalara ýüzlenipdir. Olar grafika sungatynyň meselelerini täzeçe, has çuňňur çemeleşme bilen baglanyşykda gözlegleriň üstünde işläp, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýan, dünýägaraýyşyny giňeldýän suratlary döredýärler.

.

Leýli Rejepowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok