«Hasar» süýji-köke öňümleri 12 döwlete eksport edilýär

Konditer öndümlerini öndürýän «Hasar» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri hasaplanylýar. Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senegatçylarynyň we telekeçileriniň arasynda geçirilen sergide hem bu kärhana özüniň harytlary bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Hasar» hojalyk jemgyýeti şu günki günde ýurdumyzda konditer önümlerini öndüriji iri kärhanalaryň biri bolup durýar. Kärhana 2000-nji ýyldan bäri öndürýän dürli assortimentdäki konditer önümleri bilen diňe bir körpe nesliň däl, eýsem ulularyñ-da göwnüni hem awlap gelýär. Şeýle-de kärhana häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 12-sine «Hasar» brendli süýji-kökeleri, waflileri, kemputlary, plitka şokoladlary, daşy şokoladly „gawun kak” kemputlary hem-de marmelad ýaly önümlerini eksport edýär. Bu datly önümler «Kerwen», «Awaza», «Bedew», «Ak guw», «Bahar», “Nowruz”, “Altyn aý” batonjyklary ýaly datly tagamlary, harytlyk görnüşleri bilen müşderilerniň islegini kanagatlandyryp gelýär.


Ajaýyp Nobatowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok