Arylar özlerini bejerip bilýärler

Dünýädäki iň zähmetsöýer jandarlaryň biri hökmünde tanalýan arylaryň özlerini bejerip bilýändigini bilýärdiňizmi?

Haýwanlar we janly-jandarlar özlerinde ýaşaýan parazitlere garşy dürli goranyş mehanizmlerini (immun garşylygy, fiziologiki garşylyklar) ösdürip bilýärler. Mysal üçin, mör-möjekleriň daşky bedeni parazitlere garşy fiziki päsgelçilik döredýän bolsa, mikroblara garşy häsiýetli peptidler bakteriýalaryň, wiruslaryň we kömelekleriň köp görnüşini ýok edip bilýär. Mundan başga-da, jandarlar käbir häsiýetli aýratynlygy bilen gurşawdaky beýleki janly-jandarlara parazitleriň ýokuşmagynyň öňüni alyp bilýärler we ýokanjyň güýjüni peseldýärler.

Haýwanlaryň we janly-jandarlaryň öz-özüni bejermegine “zoopharycognosia” diýilýär. Bu söz türkmençä terjime edilende “özüni bejerýän haýwan ýa-da jandar baradaky ylym” diýmegi aňladýar. Aslynda bu ýagdaý diňe arylarda däl, eýsem guşlar, keýikler, piller, şimpanzeler we itler ýaly dürli haýwanlarda-da gabat gelýär. Haýwanlaryň dürli kesellere garşy göreşmek we hatda kesel döredýän mikroorganizmlerden goralmagy üçin bakteriýalaryň we kömelekleriň ösmegini ýa-da wiruslaryň köpelmegini saklaýan aýratyn iýmitleri has gowy görýändikleri mälimdir.

Alymlaryň geçiren täze gözlegi, arylaryň  kesel döredýän kömelekleriň ýokuşmagyna garşy ösümlik süýümleri we nektary bilen öz-özüni bejerýändigini görkezdi. Arylar haýsydyr bir kesel bilen kesellänlerinde adatydan has köp güle we dermanlyk ösümliklere köp gonýarlar. Şeýlelikde olar keseliň intensiwligini peseldýärler.

Aýgül ANNADURDYÝEWA,

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok