Surat çekmek çagalar üçin hem-de uly ýaşlylar üçin peýdaly bir prosesdir. Surat çekilende beýniniň iki ýarym şary hem işleýär. Munuň özi bolsa diňe bir pikirleniş ukybyňy sazlaşykly ösmegi üçin däl-de, eýsem ulularyň beýnisiniň saglygyny goramak üçin hem möhümdir. Psihologlaryň aýtmaklaryna görä, surat çekmegiň, adamda garramanyň öňüni almakda we beýni keselleriniň öňüni alýandygyny aýdýarlar. Uly adamlar surat çekende beýnisi kämilleşýär we täze nerw baglanyşyklary emele gelip başlaýar. Haçanda çyzgylar döredilende adamlar öz negatiwini zyňmagy ýa-da dünýäni oňyn kabul etmegi başarýarlar. Bu usul psihologlar hem-de psihiatrlar tarapyndan, näsag adamlar bilen işlemekde ozaldan bäri ulanylýar. Suratkeşligiň bejeriş täsiri netijesinde ,, Sungat bejergisi’’ ugry emele geldi. Surat çekmegiň peýdaly taraplary, nerwleri köşeşdirýär, stresden aýyrýar, dynç almaga we keýpiňi ýokarlandyrmaga kömek edýär. Çyzgy bilen nähili işlemekligiň ähmiýeti bar. Ýagny, suraty emele getirýän ýa-da bulam-bujar abstraksiýa döredýän tekiz reňkli çyzyklary çyzyň. Esasy zat, işden soň rahatlyk duýmakdyr. Ozal diňe çagalar üçin reňkli kitaplar satyn alýardylar we köp ene-atalar ony isleýärdiler, ýöne çagalarynyň ýanynda bolmaga het edip bilmediler. Ençeme ýyllardan soňra dükanlar ulular üçin dürli reňkli kitaplardan doldurylyp başlanyldy. Bu diňe bir gyzyklanma däl, eýsem peýdaly bir işe öwrüldi. Çaga bilen surat çekmek onuň bilen bilelikdäki ajaýyp bir sapak bolup biler.Surat çekmek adamyň döredijiligini oýandyrýar. Surat çekmek bilen meşgullanýan we halaýan adamlar meselelere has döredijilikli çemeleşmegi we has çalt netije çykarmagy başarýarlar. Erbet pikirler ýok bolýar we bu meditasiýa bilen deňdir. Çyzanyňyzda diňe şol işe ünsüňizi jemleýärsiňiz we munuň netijesinde ähli dartgynlygy we erbet pikirleri özüňizden aýyrýarsyňyz. Mundan başgada konsentrasiýany ýokarlandyrýar, beýniňiz rahatlyk alar we siz az aladalanarsyňyz we dartgynly bolarsyňyz munuň özi bolsa siziň hereket endikleriňiziň we häsiýetleriňiziň has hem kämilleşmegine uly täsirin ýetirer.
Enejan MÄMETÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler