Ilkinji alym kim bolupdyr?

“Alym” diýen adalgany eşidenimizde kellämize birnäçe meşhur adamlar gelýär. Bu meşhur adamlar kitap dünýäsinden – ylym dünýäsine möhüm goşant goşan ýa-da ylmy gözlegleri bilen tanalýan adamlardyr. Geliň, ilkinji alym kim bolupdyr öwreneliň?!

Miladydan öňki 384-nji we 322-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen filosof Aristotel logika, fizika, biologiýa we syýasat ýaly dürli ugurlara möhüm goşant goşupdyr. Onuň ideýalary iki müňýyllygyň dowamynda Ýewropanyň ylmy pikir ulgamynda agdyklyk edip, yklymda ylmyň ösmegine mümkinçilik beripdir. Şol sebäpli käbir adamlar Aristoteli “ilkinji alym” diýip atlandyrmaly diýip pikir edýärler.

Aristotel gaty bilesigeliji adamdy we dünýä hakda hemme zady öwrenmek isleýärdi. Ol “Filosofiýa bilesigelijilikden başlaýar” diýen ajaýyp pikir bilen durmuşyň syrlaryny çözmäge ömrüni bagyş etdi. Emma Aristoteliň öňe süren käbir teoriýalary, gözegçiliklere esaslanandygyna garamazdan ýalňyşdy. Sebäbi öz döwründe tehnologiýa häzirki döwürdäki ýaly ösen däldi we Aristotel ähli synaglaryny ýönekeý göz bilen edipdi.

Ilkinji alym hasaplanýan adamlaryň biri Ibn al-Heýsemdir. Ol 965-1040-njy ýyllar aralygynda ýaşap matematika, astronomiýa we fizika ýaly dürli ugurlara goşant goşdy. Ibn al-Heýsem optika, görüşiň ýüze çykmagy we ýagtylyk boýunça möhüm gözlegler etdi.

Arslan RZAKOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok